25 нояб. 2008 г.

“Rodoguna”

(Wasiliý Şatalow) terjime eden Atamyrat Atabaýew (we beyleki goshgulary hem-de ozi hakda belki beyleki edermen gyzlar hakda) Köpetdagyň başy degýär asmana, Äpet göwresine buýsanýar bu dag. Eteginde ýaşar eken erkana Ärsaklar şalygnyň paýtagty Nusaý Şol ýerde bu dagyň gök eňňidinde Jülgäniň depesinde şäherler şasy – Görnüp dur haraba öwrülip giden Parfiýa ýurdunyň gadym galasy. Her tomus bu ýere gelip arheolog, Geçirýär galada gözleg-agtaryş. Nam-nyşan galmandyr köne köşklerden, Bar diýmeseň küýze döwgi ýa nagyş. Ýöne yhlas bilen gazýar ol ýene. Emma diňe gadym külallaň ýasan Gap-gaçlaryň böleklerinden başga Zat ýokdy ýerinde bu köne desgaň. Gadymýete teşne alym ýene-de Yhlas bilen işin edende dowam, Ine birden çykdy onuň öňünden Ak mermerden nepis ýasalan jenan. Ak ýüzli bir gyzyň täsin heýkeli, Ýaş hemem owadan gadymy gözel Alymlaryň aklyny heýjana saldy Ýaşap geçse-de ol kän asyr ozal. Sorady: “Eý, gözel, kim bolarsyň, Meger, rowaýaty Rodogunasyň?!” Çal saç alym bakýar geň galma bilen, Synlap gözel gyzyň mermer synasyn. Jadyly keşbi göýä diri deý, Çuw-ak ýüzi daga tarap egipdir, Ajaýypdy onuň sagrysy, göwsi Saçy göýä gül suwuna ezlipdi. Nazarynda bardy howsala, gussa Gamly oýlar bardy onuň başynda Alym Mitridatyň şöhratly gyzy Hakda rowaýaty ýatlady şonda. Ol gyz çäge kenarynda Ýefratyň Tapdy özün bagtly eden şöhratyn. Şonda suwa düşýärdi ol derýada, Gorkyny, hasraty salmazdy ýada. Ine, birden daşdan gelýän bir atly Çapar derrew gyzyň ýanyna ýetdi. Ol tolgunup diýdi: “Melike, diňle, Mert bol, bir ýaramaz habar bar mende. Biziň etraplara ýetişdi duşman Halas bolma kyndyr indi çaknyşman”. Rodoguna derrew hyzmatkärine Söweş enjamlaryn häzirläň diýdi. Gylyç, naýza, galkan alyp eline Hem egnine zerli sowudun geýdi. Ine, gyz mertlerçe söweşe barýar, Yzynda Parfiýaň batyr goşuny Ýowy urup, ýykyp, sanjyp, agdarýar, Eýmenmän dik tutup belent başyny. Gözleri gazapdan ýyldyz dek ýanýar… Synýar duşman polat gylyç tygyndan, Ýeňilip Parfiýňnyň batyr gyzyndan Umma gaçýar gelen ol ýowuz apat Dag-derýalar ýene bolýar parahat. Şol jeňde şa gyzy gazandy şöhrat, Şu gün hem öçmändir bu şöhratly at.

10 нояб. 2008 г.

UMYT!!!

Adamlar yashap yor, yone yashap yor… nirelere eltya bu durmushyn yollar hich kim bilenok. Her kimin onunde maksat bar, arzuwlary bar, islegleri bar… ol maksadyna tarap her kim bir hili yool bilen yoreya. Kimdir biri uzyn gun urunup yhlas edya shona yetjek bolup, beyleki biri yuwashlyk bilen yoreya, uchunji biri “nesibede bolsa yetern” diyya, yene biri (men yaly biri) olara hich wagt yetmejegini bilsede, ynamy galmasada, angy shol maksadyna yetmejegini aytsa-da ol kijijik UMYTJYK bilen yashaya. Jay garanky yone shonda-da anyrda bir yerlerde sonjek bolu duran yanyp gutaryp gelyan shemjagazyn yshky bar yaly saheljejik yagtylyk. Shem basym yanym gutarar onun yanyp gutarjagyna ynam bar gutarmajagyna ynam yok, akyl bolsa onun eyyam yanyp gutarandygyny bilya, yone UMYT ine UMYT weli hich UMYDYNY uzenok. Ol oran kichijek, pes gowunli, yonekey, sadaja, arassa pak UMYT. Hat-da shojagaz shemjagaz yanyp gutaranyndan sonam tazeden yanjagyna UMYT bar, ol shem yanyp gutarmanka yerine bashga shem getirip yetishjegine UMYT bar. Belki-de ol shem eyyam yanyp gutarandyram akyl ona dushunya akyl: “Shem nache yyl mundan on yanyp gutardy shemem yok yshygam yok bu bir aldaw..” diyya, ynam bolsa “shuncha wagtlap ynandym indi ol yok shem yanyp gutardy yanyp gutarmasa-da ertir gutarar, shuncha wagtlap ona ynanyp bil baglanymy puch etdi indi ynanamok” diyya. A UMYT ine shojagaz UMYTJYK kijijik bolsa-da shuncha duygular bilen shu gune chenli goreship “yok ol henizem yanya yone ol bize gorunenok, ol henizem garanky jaya sahel shohlejigini sachyp dur… ol ochmez ol ochmanka ony hokman taparlar, tapyp onun yzyny dowam edip bashga ullakan shem yakarlar.. shol shem gelincha ol ochmez yok ochme.. ol yanyp dur..” diyya. Gyzykly zat ojagaz kichijik mert, gayratly UMYT-jyk adamyn haysy boleginde yashayaka?! Yurekde yashayan bolaymasyn?! Hawa yurekde yashayandyr. Onda ynam hem yurekde yashayar ahyry?! Hawa yone ynam biraz umyda garanynda barde, ol elyeterde yerleshya. Ynama hemme adamlaryn eli yetya ynamy islendik adam alyp gidip bilya, islendik neudacha ynamy oldurya ol ejiz, yone umyt weli yok ol wepaly, ol hemishe yuregin in inche damarlarynyn ichinde gizlenip yatya. Hat-da ona howp abanan wagtam ol bashyny belent tutya oz wezipesini yerine yetirya “yagty geljege umyt bilen yashaya” .Ynam yuregi terk edip giden wagtynda-da UMYT ozunin heniz bardygyny diridigini yatladya. UMYT hemishe UMYT bilen yashaya ol OLMEYA ol OLMEZEM! Shol kijijik mert UMYTjyk meni shu gunlere yykman getirdi hawa belki-de kawagt ynam meni terk eden wagty yykyldym, yone UMYT eljagazymdan tutup galdyrdy “tur heniz onde bagtly gunler yatyr, ikimiz ol gunleri hokman goraymeli… ine gorersin biz bagtly bolars..tur yore.. bile yorali..” diyip yerimden turuzdy. Yashasyn UMYT. Shol yanyp duran shem ===> UMYT. Ol umyt garanky jayy terk etmesin bolmasa hich birimizem yolumyzy tapmarys. UMYT olse akylam, ynamam hemmesem adama biwepalyk edip ony terk eder adam adam bolmaz son. Shonun uchin ADAM shojagaz UMYDA tarap ozunem yore. Goy ol kichi bolsun, goy onun renki gaty ochugsi gorunsin, goy ol sana yonekeyje bagty wada beraysin, goy ol sana faktlary getirmesin, goy ol sana name uchin ona bil baglamalydygyny dushndirmesin yone sen ony “sen kichi, sen yalanchy, sen ejiz, sen mana gerekdal..”diyip tashlama! Olam seni nahili yagdayda galsanam hich wagt tashlamandy, tashlanogam, tashlamazam!!

4 нояб. 2008 г.

Yash shahyrlar

“Nesil” gazedinin redaktory Kakamyrat Rejebow. “Bagt” Uytgeshik zatlardan gozlardim bagty, Apet hyyallary beslap gowunde. Asyl, bagtyn chyn keshbini tanaman, Kan-kan gezek gechipdirin deninden. Bagt eken, bash goyup, gijan doshune, Ak sabalan gujagynda oyansan. Goya in sonky gun yashayan yaly, Her adamy bagra bassan, guwansan. Bagt eken, bagt hakda hyyal yuwurdip, Goynuna yetmage synanmaklygam. Begenmeli zada begenip chyndan, Gynanmaly zada gynanmaklygam. Munda kate showsuz diyen pursatlan, Son nur bolup yagyberyar bashyndan. Betbagtlyk yok ekeni aslynda Ahli zady yagsha yorup basharsan. Bagt eken, bu ajap owadan dunyan, Soyggusinden at galmasan, gaalmasan. Gyshlarynda aklyk bolup yagyplar, Guyzlerinde durna bolup galgasan. Ak umytlar bagt odunyn kozudir, Onda kanagadyn bagta gowushyar. Bizin yonekeyje diyyan omrumiz Gor-le, durshy bilen bagt ogushya. “Hyyallara chenli…” Ozumi yitirip, kalbym yitirip, Yitirip anymy, yitirip aklym. Otlem-otlem duygularyn teyinden Janym, sana baryan yodany tapdym. Shol yodany yzlap sana ugradym, Terk eyleyip asman-zemin arasyn. Yone kabul etman sada yshgymy, Name mana beyle yowuz daradyn?! Gaytdym dunderilip, yuzume urlan dek, Orun tapman senin konul torunden. Yalnyzlykda ot bolamda nadeyin, Dine oz-ozumi yakyp yorun men.. Dunye mana yuz berenok, sebabi Sen diyip dunyeden yuzum owrupdim. Sheydip soygin allaryndan aylanyp, Shol onkuje ozum bilen howrukdim. Bilyarin hazirem gozlermi yumsam, Kalbymy duygulan tuytmelejegni. Shon uchin, gel, akit meni, bolmanda Hyyallara chenli, duyshlere chenli…। “Ozum uchin goshgular” toplumyndan. Lachyn Purjayewa “Sana” Sne aydym ayt, men dinlayin, Sen deprek chal, ans oynayyn. Yylgyayyn her sozune, Bakyp bilman sen gozune Naz edeyin. Yaz edeyin, saz edeyin gownun senin. Soygim menin, soygim menin. Guller bersen, guller berip, Gulki bersen, gulki berin. Gama batsan, aglaryn men. Sen aglanyn anmayyn men. Akyl-husha erkim gider. Janym-ruhum elkin gider. Sen aglama, sen gamlanma, Agdyk bolmasyn aladan, Sen aladan – men aladam Sen aglasan, men chalajan. Chagyr sen, ylgap barayyn, Gollarym chyzgap barayyn, Yzlaryn yzlap barayyn, Tozlaryn ysgap barayyn. Chagyr meni, chagyr meni, Hyzmatyna hazirem men. Chagyrmadyk chagyn meni, Naderem men, naderem men?! Yurejik hakda Ey, Yaradan, men yaradar, Sana birje sowalym bar. Belent bashym sameden, Men yuregim nameden?! Agachdanmy ya dashdanmy? Demirdenmi ya aynadan? Bay-bay, kate serimi ol Aynadar-ow, aynadar. Plassmasdanmy, matadanmy? Rezindenmi ya gardanmy? Palchykdanmy? Ha, palchykdandyr. Palchykdan dal, gumdandänim Yasayansyn togalapjyk. Etden-a dal, shon-a bilyan. Ne yigrenyar, ne-de soyyar. Ne duygy bar oňluja Ne dashyny yag tutyar oň, Ne-de ichi suwlyja.

30 окт. 2008 г.

Degishmeler

“Alty Garlyyewly degishmeler”-den (Edebiyat we sungat gazedinden alyndy) Alty aga olemen kushtchi eken. Ol bir gun oyune gelyarka yolun gyrasynda kusht dikip oturan adamlary goryar-de, olar bilen kusht oynap bashlayar. Alty aganyn ayaly Annagul dayza ony yzarlap chykyar. Gorse, adamsy alagalmagal bolup, kusht oynap otyrmysh. Shonda Annagul dayza: -Alty, oye gaytjak dalmi, gich boldy! – diyen. Alty Garly ayalyna uns hem berman: -Bular men atymy aldylar, men nadip pyyada oye barayyn – diyip janygypdyr. ***** “Aygytly adim” filimi surata dushurilyarka, yazyjy Berdi Kerbabayew hem tomasha etmage baryar. Shonda Berdi aga, surata dushurilyan sahnanyn bir yeri gownune yaramandyr-da, Alty Garla oz pikirini aydypdyr. Shonda Alty Garly: -Aksakgal, “Aygytly adimi” sen ozunche yazdyn. Menem indi ozumche goyyan-da – diyip gulupdir. ***** Alty aga bir gun Ata Kopege dushyar. Ony oynajak bolup: - Gel, Ata, seni bir kino dushureyin, bolmasa, seni hich kim tananog-a! – diyipdir. Ata Kopek ozunin oynaljagyny bilip: -Ay , Alty jan, kinon ozune nesip etsin. Men-a yek-tuk adam tanayar welin, seni kino dushmesen, ayalynam tanamazdy – diyip yylgyrypdyr. ********* Alty Garly bir gun Muhammet Cherkezowa: -Sen, Eziz hanyn keshbini doredeninden son, ozuni nahili duyyan?- diyip yuzlenipdir. Muhammet Cherkez: - Ay, shoncha baylygyny gidiren adam ozuni nahili duyar oydyan? – diyip loh-loh gulupdir. ******** Ata Alow yash aktyor wagtynda “Deryanyn anyrsy serhet” filiminde surata dushyarka soygi sahnalaryny yygrarak oynayan eken. Shonda bir gun Alty Garly ellerini kelemenledip, gahar bilen ona: -Sen, onem bir soyup gorupmidin? – diyip, azm urupdyr. Shonda aljyran Ata: -Hawa, Alty aga. Gogolyn “Oylenmek” oynunda soyup gorupdim – diyip yere bakypdyr.

16 окт. 2008 г.

Goshgular toplumy

Kawagtlar kompyn bashynda ishden yana birsellem dynjymy alayyn diyip oturyan weli kellame kabir setirler gelya shonda derrewjek chem gelen faylymy achyp yazyp goyberyan. Ya bolmasa ishlap oturan bolsamam kellame gelse komp yanymda bolsa shona yazyan. Yone kop goshgular kichijik bolejik kagyzlara yazylgy kawagt dagy has uytgeshik setirlerem gelya yazyan weli yone kagyza yazylanlar yitip gidya. Hawala bular heniz goshgy bolardan ir her gezek okasam bir yerini duzeldyan belki-de garran wagtym ishim azalar, akylym goyalar, kellejigim durlanar, ukyp bolar… belki-de shonda duzeldern onson gowja goshgujyk bolar :) Hehe onki diyishim yaly belki-de kitapjygam chykararn yok dine kitap chykaryp onmarn NOBEL bayragynyn eyesi bolarn :) Bah shol garrajak dowrume-de yetayermikam… Shemal mana bir zatlar aydyan yalyla Pyshyrdap bir zatlar gurleyan yaly Yeli bilen yapraklary oynadyp Mana bir zatlary duydyryan yaly *** Indi senden kem-kem uzaklashyaryn Dashlashyaryn sana bolan duygymdan Indi arzuwlarym sana bagly dal Hudaya shukur men senden sowashyan Indi sende onki zady goremok Indi sana gyzgyn mahir duyamok Indi sen mana tasir edenok Allajan mun shukur yurek soyenok Durmush Durmush - yalnyshlyklar edilyan gunler Durmush - bu gun aglap son gulyan gunlen Durmush - adamlaryn yashayan yeri Durmush - hem gozellik hemem godeklik Durmush – kop zatlary owredyan bir zat Durmush – senin oyun hem-de ene-atan Durmush – dost-joralan, dogan-gardashlan Durmush – senin bilen bagly ahli zat. Durmushda aydylman galan sozler kan Durmushda edilmedik ishlerem kopdir Durmushda yetmedik arzuwlaryn bar Durmushda okunip gechen gunlen kan। ************************************ Yapraklar saralyp yere gachyalar Olary adamlar basyp gechyaler Basylyp hemmesi chuyrap gidyaler Agachlar gamlanyp ahmyr chekyaler Agachlar galyalar yalanach bolup Ses etman umsumje dymyp otyrya Ayralyga dushen ashyklar yaly Gama batyp pikir edip gechirya ********************

15 окт. 2008 г.

Gelinalyjy

Shu 5-6 gun bir joramyzy chykardyk :( Gyzyn wecherynda gulushdik, begendik, tans etdik..joramyz hem bagytly owadan geyinilgi.. ertesi gelinaljy.. joramyz eshiklerini geydi ustunden gulduk, sachyny orduk, yaglygyny dakdyk, balak geydi gulkunch edip :D gulup ichegamiz uzulere geldi ony geyindirip yerinde otyrdyanchak. Ine sagat 11 bolup gechdi ol shol tayyarlanan yere gechip oturdy gelinalyja garashyan gyzyn shekilini shondan son onda gorduk. Birsellem hemmeler dymyshdy megerem shol pursat onun yene-de 1 sagatdan gitjekdigi hemmelerin kellesine gelendir… yone ondan on hich kimin pinine-de daldi. Joramyz 10 minut yaly oturandyr hich kim ol yerik gecheninden son oyun etmedi. Onun oz yuzi hem gitdigiche agyrlashdy… yuzune seredyan inim tikeneklap gidya.. bilyan hazir bir soz diysen gozunde dolup duran yashlarynyn payrap akjakdygy. Pahyrjyk name etjegini bilmedi belki-de saklanjak bolandyr iki tarapda darykyan yaly kellesini gymyldadyp bashlady gozi bolsa yashdan dolup gitdi. Barymyz umsum otyrs aglamazlyga chalshyas… yok bolmady ol aglady yzyndan bizem saklanyp bilmedik. Shuncha gelinaljy gorsemem onun yaly aglan adama birinji gezek dushyan. Horkuldap-horkuldap aglady birhili nache wagt bari ichinde gizlap yoren hasratyny gozyashy bilen boshadyan yaly… ona shol wagt name diyip, nahili soz tapjagynam bilenok. Joram ikimiz birsellem jaydan dashyna chykdyk halys mena masgara bolayyan bir aglap bashlasam. Shu gelinaljy yaly hich zat erbet tasir edenogay. Girdik, son gelnejesi ustune yaglyk yapdy oyun edip yaglykdan kellamizi sokup “Hurmajan yekeje ozun name edyanay ol yerde?” diyishen bolduk.. durmusah chykanlar “aglap oturma ikibashdan gidyan, onsonam yene-de gelyan ekeninlay aglanyna degenok..” diyishyaler. Ay gulushsegem ol gulkuler birhili ajydy.. ine.. duyt… duyt……. "gelinaljy gelya” diyip bir chagajyk komnata girdi bar adamlaryn yuregi agzyna geldi.. mashynlaryn sesi eshdilip bashlady… joramyz bolsa onkudenem beter aglap bashlady. Gelnejeleri geyindirip bashlady gapdalda seredip durshuma her hili pikirler kellame geldi.. gyz bolsan ahyr sony hemman bashynda bar shol joramyzyn bashyndan shu wagt gechip duran zat tapawut dineje wagtda.. gyz chagany sheydip geyindirip alyp gidyaler. Yeke-yeke hemme zadyny duzgune gora geydirdiler. Agla-aglap onun ysgynam galmady birbada eshikleri agyr bolanson entereklap durdy iki baka. Boldy alyp gitdiler tor boshap galdy. Name diymek galya bagly bolsun diyyan. Gyzlaryn birisi “indiki toy menki bolar” diyip yrym edip giden gelinin yzynda oturya.. Eh ine kurte atanyndan son onun ady “gelin” bolya. Chagalar bizin gyz diyip yoren joramyza “hana gelin gelya, gelnejemiz gelya..” diyishyaler. Birhili kurtan ichindaki bizin joramyz dal-de bashga bir natanysh gelin yaly… Shunda hemmelerden beter ejelere agyr degya. Elmydama gelinaljyda gyzyn ejsesi gyzy bilen sagbollashmaga gelyadi Hurman ejesi gelmedi ona derek mamalar, dayzalar gelip sag bollashyp ony agladyp gitdiler. Son gelinaljy gideninden son torki jaya sachak yazmaga gechdim weli ejesi aglap otyr eken yaman gynandym. Birden menem chykaysam ejemjan nahili bolarka diyip oz ejem yadyma dushdi. Ozum men ozum nadip gidip bilerkam oyi tashlap. Dogulalyn bari yashap yoren oyuni tashlap dogulalyn bari bile yashap yoren, sen ozuni bilelin bari tanayan in yakyn adamlaryny goyup nadip gidip bilern?! Yogsamam olum yola gidilenok weli on hemishe olaryn yanynda bolyan indi bolsa olary kawagt gormek sherti bilen gidyan, on islan wagtyn gurleshyan indi bolsa mumkinchilik bolan wagty. Birhili sen durmushyn indi olarynkydan ayrylyp bashga yerde, bashga hili, olarsyz dowam etmeli. On olar sen durmushyndaky hemme zadyn shayady bolsalar indi olar dineje beyleki adamlar yaly sen durmushyny dashyndan synlarlar. Onsonam kawagt bir gorersin hany onki yaly gurrun, gurrun kop boljak yaly bolar weli eyyam bashgacha bolar. Belki-de men ichim yanar gelin bolup bashga oye baranymdan son oz shol dogduk oyumde ejem dagyn yanynda daldigime. Toy, doglan gun zat etselerem men myhman hokmunde barmaly bolarn oz oyume, ozal bolsa myhmany men kabul edyadim. Yene-de bir alada shol barjak oyune nadip owrenshersin?! Gep owrenshmekde-de dal-de sen shol oyde yashasyn geljek gelmejekde. Mende bir problem bar oydyan mana name uchindir shol durmusha chykjak yerim yaman sowuk yaly bolup gorunyar. Belki-de men kime barjagym belli bolanyndan son beyle bolmazam weli.. Ine onson uyshup agsham toya gitdik bir awtobus gyz tarap bolup. Joramyz aglap gidenson birhili “yagdayy gowmyka” diyip alada edyan. Ine-de ol barjak yigidi bilen bezenilgi yylgyrypjyk gol tutushyp sulmurap gelya :) Hurma hemishe yuwash yoreyadi mekdep dowrunde hemishe onun ustunden gulyadik “yerin gaymagyny bozman, seykin basyp Hurma gyz gelya..” diyip :) Ine yene-de sheydip sulmurapjik gelya gyzlar bolup gapdalyndan pyshyrdan boldyk “Yerin gaymagyny bozman Hurma gelin gelya..” diyip. Indi onun yuzunde gelinaljydaky gussa yokdy tersine bagt yylgyryady ony gorup bizem ginedik. Tans etdik ol bolsa synlapjyk otyr arasynda gyraraga chekilip duryan weli gozi bilen “tasn edin-da durmanda” diyen yaly molerilip seredya :) Ine-de ony goyup gaytdyk baryan yigidine tabshyryp hehe hemisheki yaly joramyn barjak oglanyna “joramyzyn gownune degayman” diyip gaytdyk. Diyishimiz yaly gownune degman bagtly yashadar diyen umyt bilen oye gaytdyk. Hem gynanyan hem begenyan. Gynanyan aramyzda yene-de bir gyz azaldy, indi ony islan wagtymyz gorup bilmers… begenyan yene-de bir joramyz bagtyny tapdy. Bagtly bolsunlar!!

6 окт. 2008 г.

Gozle meni!

-Bir gun ahli zatdan yadasan, gam-gussany paylashmak islesen, chagyr meni! Nirde bolsam-da, gelerin। -Bir gun chynyn bilen aglamak islesen, gozle meni.. Belki, seni guldurip bilerin, yone senin bilen den aglashjakdygyma soz beryarin… -Bir gun bashyny alyp, alyslara gitmek islesen, meni gozlemage yaydanma..Belki, seni saklap bilmerin, yone senin bilen gidip bilerin… -Bir gun daga chykyp, ozuni oklamak islesen, chagyr meni! Senin bilen bile bokerin diyip biljek dal. Emma ashakda durup, seni gapyp bilerin… -Bir gun haysy-da bolsa, bir meselede chozgut tapyp bilman, kelebin ujuny yitirsen, gozle meni… Sen hakynda ozunden kop pikir edip, sana maslahatchy bolup bilerin. -Bir gun hich kimi dinlemezlige aht etsen, shonda-da gozle meni… Birjik-de dil yarman, hatda senin aytmadyk sozlerini-de dinlejegimi bil. -Bir gun meni oykeledendirin, gynandyrandyryn oytsen-de, hich chekinme, gozle meni. Gorersin sana dozmerin, shol onkuligimdir. -..Bir gun meni gozlesen, emma hich jogap alyp bilmesen.. Soz ber… ana, shonda, sen yetishmelisin dadyma…Chunki shol pursat bir halas ediji perishda matachdigimi duymalysyn! Men sana matachdirin! Dostun!

1 окт. 2008 г.

Ichki men-im bilen sohbet

Koplench ozum bilen ozum gurrun edyan samsyk adamlar yaly। Ichki ozum ozumi yaman erbet tankytlayaray. -Men gaty godek oydyan -Shu wagt bilyanmi? -Yok onem bilyadim weli yone kawagt birhili gynanyan bolshyma. -Onda name uchin duzelenok? -Nadip duzeleyin?! -Yene-de onki kasetamy tazeden goybereyin. Her gezek godek zat aytjak wagtyn sagin, pikirlen.. belki-de sen shol diyjek zadyny shol yerde aytmanam bilersin ya-da shol soze derek bashga soz hem aydyp bilersin! -Dogry weli yone men bilgeshleyin edemoga aydylyp goyberilya -Menem sana shonun uchin aytmakan pikirlen diyyanda -A name ol adamlar men gownume degeninde bolya-da mana olaryn gownune degmek bolanokmy?!-Goryanmi sen yene-de sheyle pikire bashladyn. Shu pikirini tashlamasan hich wagtam godeklikden boshanmarsyn. Yene-de “men godek” diyip gynanan bolyan! -Gynanyan weli yone hemme guna mende dala. Sana galsa butun adamzadyn problemasyny mana dakjagay -Adamzadyn dal yone sen oz problemalaryn hemem sen yakynyndakylaryn gownune degen wagtyndaky problemalara sen gunakar -Name godeklik erbet zatmy? Bolya gowy dal. Yone men ikibashdan shol sozi aytmasamam ichimden sheyle pikir edyan name tapawudy bar? -Ichindaki hemme zady chowurmek diylen zat yokdyra?! Haysy bir pikir eden zadyny diyjek?! Oz pikirin ozunde sakla prichem barde biguna adamlar. Yene-de bar problema-da sen sheyle pikir edishinde. Name uchin bashgacha pikir edayenok?! Onsonam shol pikirlerini aytmagyn yollary bar. -Wiy men name edeyin sheyle pikir etsem men name bilgeshleyin “sheyle pikir edeyin” diyip edyanmi?! Sen sypaychylyk hakda aytjak bolyanmy?! Yigrenyan sypaychylyk etmegi. Shonda-da kop halatda shol bagtyyatan sypaychylygy edyan ikiyuzlliler yaly bolup. -Ol ikiyuzlilik dal-de adamchylyk bolya. Sen ozune adam diyyan bolsan hokman ona yarasha bolaymaly. Onda sen shol pikirlerine kim gunakarka?! Belki mendirin?! -Way men adamchylygymyn namesi erbetmishin. Prosto her adamyn ozune layyk bolyan. Ol godek bolsa menem godek, ol mylayym bolsa menem mylayym. Bilemok ol pikirlere kimin gunakardigini kim gunakar bolsa shol gunakar, yone mena dal. -In ansat zat gunani ilin ustunde atyp “mena dal, mena bilemok..” diymek. Her adamyn ozune layyk bolyan bolsan name uchin in sypayy adam Menli bilen sheyle sypayy bolanok?! -Ay mena yadadymay on bilen sypayy gurlehsmekden. Skolko mozhno uzhe yuregme dushup gitdi shonun bilen medenyetli gurleshmek. Adam diyenin bir swabodniy gurleshera. -Garaz hemmeler neto dineje sen ara-bole super ha? Yene-de sen dal-de il gunakar ha?! Onun bilen sypayy gurleship bilmeyan bolsan in bolmanda godek bir gurleshmeda?! -Ay nadyanay men name diyip godek gurleshipdirnay?! Onun ozunin yuregi yukamy namemi sahel-mahel zady derrew gownune alyp otyr. Ine duyn ishden gelenimde dasharyny supurup yor “Menli ozum supurerdimda..” diydim a ol name diydi “way Dunya mana shuny supurmek sheyle bir kyn yadap gitdim-da… name men supurshime gownun yetenokmy?” diydi. Onson shu yerde kim godeklik edipdir. Mena name ona gownum yetman aytdymmy?! Obadan gelen myhman beydip ishledip yormayin diydim yogsam ishden gelip supurmek mana-da yarap baranok. Ine sypaychylyga nahili jogap! -Sen aydysh tonun shona baryandyr. Bu yagday eyyam 1 ya 2 gezk dal. Sen sypaychylygyn gozuni chykaryan gerekmejek wagty. Ine onurajik pasuda yuwup otyrka name uchin elinden aldyn “ozum yuwayyn” diyip.. shonun yaly zatlar gaytalansa ol bashga name pikir etsin?! -Ey way men onun elinden sypaychylyk diyip almadymmy?? Nahilegay sen dushunman gechyan. Mena oye gelen adamy ishletmayin diyyan. Beydip elinden alshyma sypaychylykdyram oytmandim. Namay men bolshym sheyleda. Onsonam bar zady oyde ozum edip owrenshipdirn bashga biri etse birhili minnet etjek yaly bolya. -Yene-de gep gelip shu yerik direya her gezekki yaly. Sana gep dushundirip bolanogay bara. Ketjalynam anyrsyna chykyp seredip durany sen. Beytjek bolsan gaydyp mana arzyny aydyp nalynma bolyamy?! -Heh boldyn men bashyma arzymy dinleyan gaytam mana gowunlik bermage derek her gezk men yakamdan asylyan. Menem ozum gowy bilyan ozumin nahilidigimi -A men kim bolyan onda menem sen ozun ahyry?! Sen sholar bilen godek gurleshishin yaly menem sen bilen achyk godek gurleshyan hemme zatlary dogry adyny tutup aydyan. Sen ozun ozun bilen sheyle gurleshse yakyan ekenmi?! Menden sana ziyan yok dineje maslahat soran wagtyn ine maslahat! -Nejislay sen yaman yigrenji adam -Kim bilen gurleshyanini bilyansina…Hawa sen yigrenji menem sana shony dushundirjek bolyan. Mana-da ansat dushenok oz-ozume yigrenji diyip durmak. -Yok sen men dal sen bashga zat sen men ozum dal. Ozun yalaklar bilen meni deneme! -Bah onda men kimkam?! Sen pikirinche sen kim bilen gurleshyan? -Bilemok yone sen men dal. Sen men bolan bolsan mana gowunlik bererdin -Onda sen ichinde ozunden bashgada biri yashayada ha?! Sen ile gowunlik berip bilyan bolsadyn menem sana gowunlik berip bilerdim. -Bilemok yone sen kim bolsanam gaydyp sen bilen gurleshjek dal. Name men gowunlik berip bilemokmyshymmy adama?! -Gowunlikden beter sen olar bilen godek gurleshyan. Men bilen gurleshman gitjek yerin nire?! -Sen nejis hayran men stilma girip gurleyan. Gurlaninde-de men ulanyan sozlerimi ulanyan. Men beylekilere jgp berishim yaly gurleyan. Nejis mana oykunmede hakyky yuzuni gorkezda?!-Oz-ozune sogunyanmi Dunyajan?! Sana dali diyerler ozun bilen gurleshsen. Men sana oykunemok men sen ozun! -Bar tozasanay shu yerden -Sen nira tozasan menem sen bilen..

30 сент. 2008 г.

Yhlasyny koydurmek.

Belkide kimdir birinin yhlasyny koydurmek dunyade in erbet zatlaryn biridir. Onda men gaty erbet adam oydyan, yone men bilgeshleyin edemok, shonun yaly zatlary islamok yone sheyle bolya her gezek. Eyyam nache oglanyn men zerarly yhlasy koydi. Men aslynda oglanlara ansat ynanyan adamam dal yone-mone oynama sozleri uchin kellami agyrdyp olara gynanyp uns berip yoremok weli yone kopusi olaryn hakyk subut edenlerdi. In gynanchly yeri bolsa olaryn birisem erbet oglanlar dal hemmesi an-dushunjeli, bilimli, akylly, terbiyeli, ishennir... Birisinin gozi henizem yadymdan chykanok. Men ol wagt yany bir okuwy gutaran gyzjagazdym-da soygi-moygi uchin heniz men durmushymda orun yokdy. Ol bolsa shol wagt 25 yashynda birinin in uly ogly TR okuwy gutaryp gelipdi. Ol mana “okajak diysenem, son toy edeli diysenem garasharn” diyipdi. Yok diydim “mana garashmak gerekdal ozune bashga yol tapda shol yoldan gidiber men ikibashdan sana barmayan men yolym bashga..” diydim. Shondada ol 2 yyl yaly garashdy. Dayzamyn adamsynyn jigisidi ol, ahyr oyundakiler gyssadylar oydyan bashga gyza oylendi. Oylenjek wagtlary ol gyzyn kan bir gowy gyz dal-digini eshtdim ona gynandy. Sebabi ol chyndanam gowy gowja gyza mynasypdy birhili ozum onun uchin gowja gyz tapyp berayesim geldi. Birhili ol gynanyady weli onun gynanmazlygy uchinem ony halasym gelyadi yone yurege buyuryp bolyamy?! T.k ol men dayzamyn adamsynyn jigisi bolanson men kan dayzamlara gidemokdym uyshmelen zat etse-de sebabi onunam geljegini bilyadim. 2 yyldan son dayzam dagy ullakan jay aldy uly Huday yoly etdiler mana “onunden komekleshmage gel” diyipdi. Bardym gara bashagay salat edip otyrdym birdenem gapydan onun ayaly gyzjagazy bilen geldi. Hich shol gezek olaryn geljegi yadyma dushmandir. Ayaly bilyane menzedi salamlashmak uchin elimi uzatdym weli birhili edip sowuk salamlashdy. Ay sonam gyzjagazyny gujaklap otyr mana alarlyp seredip. Kak bud-to men onun adamsyny elinden aljak bolyan yaly. Son birsellemden adamsy geldi ozumem duyman galypdyrn gapydan geldem weli goni seredaypdirn son goni ashak seredip saladym bilen boldym. Komnat kichirajik bolanson aralyk yakynrakdy. Gozumi yerden galdyrman otyrn salat bilen guymenip shol gezekki yaly ozumi erbet duyan gezegim bolmady yaman aljyradym. Ol ayalynyn yanynda biraz eglendi son chykyp gitdi. Gyzlar son aytdylar “Ayaly senden gozuni ayyrmady molerlip seredip dur” diyip. A son biraz wagtdan ashak dushmeli boldum ullakan kerseni goterip zordanjyk goterip baryan. Men ashak dushup baryan ol bolsa yokaryk munup barya hokman dushaymalymy diysene. Deninden gechip gitjekdim weli “getir men komeklesheyin!” diydi menem “yok agyr dal ozum gotererin” ol “Dunya kejeshmede bersene” diydi. Bir aljyradym ona kerseni beresim gelmedi yone biri gorer oydup gorkdym. Kerseni eltmeli yerine eltdi hich zat diymedi. Son birsellemden ol yitrim boldy. Agasy, ayaly hemmeler ony gozledi hich kim bilmedi nira gidendigini. Agasy jay toy edip otyr ol hyzmat etmegin deregine aytman-diyman bir yerlerik gidipdir. Her kim soraya “on name kellesi yerinde dalmi nira gidya ol shu wagt gerek wagty...” diyip. Birhili ozum gunakar yaly bolup gitdim. Hich wagt dayzamdan soramokdym onun durmushy hakda son soradym biraz gynandym “onkuligi yok, ayalm kan gowy dal, hich janlyja zat gowhsak, hemme zat parhsyz yaly onun uchin…” diydi. Ozumi onun hemme problemalarynyn gunakari yaly duydym. Bir gyz yok diyeni bilen beyle basylyp galmak hokmanmydy biderejik oz durmushyny ichgysgynch edip hem ayalynyn hem chagasynyn durmushyny shatlykdan doldurmagyna derek… Bashga-da sheyle yagdaylar kop bolya yone olaryn sonky durmushyndan men kan habarym yok. Goy olar bagtly bolsunlar men olaryn yhlasyny koydurenligim uchin dunyaden doygun bolup yashamasynlar, gaytam mana na zlo bagtly, shadyyan yashasynlar. In bolmanda men uchin bagtly bolsunlar. Sebabi olaryn sheyle yagdaylaryny eshdip ozumi yaman nejis, yigrenji, dineje adamlara ziyan getiryan yaly duyyan yashasym gelenok. Belki-de olar mana oylenen bolsalar hasam beter betbagt bolardylar kim bilya men nahili ayal boljagymy.. Yone shonda-da kime barsam ony men dunyade in bagtly adamlaryn biri etjek bolarn. Eger basharmasamam in bolmanda gowy ayal, gowy eje, gowy adam boljak bolarn. Her kimin nesibesi bir yerdedir yone shonda-da Allajan goy hich kimin eden yhlasy koymesin! Goy kimdir biri birini halasa shol hem ony halasyn hemem olar bile bolsun. Eger soygi ikitaraplayyn bolmasa onda goy ol ony unutmagy hemem onsuz bagtly bolup yashamagy basharsyn. Yhlasy koydurmek erbet zat belki-de gunadir belki-de menem gunalidirin…

Yalnyzlyk

Yalnyzlyk! Kawagtlar ozuni sheylebir yalnyz duyyan butun showhun galmagalyn ichinde-de. Yogsam yalnyz duyaryn yalagam dal dashynda joralan, hossarlan, ene-atan, doganlaryn, tanshlaryn yone shonda-da birhili sana bashga bir zat gerek yaly? Ichin gysya niredir bir yerlere gidesin gelya. Sen durmushyn bashga yerde bashga hili dowam etmeli yaly. Wagtam gechip dur edilmedik nache ish yatyr onde, a edilen ishler bolsa bosh ishler yaly. Hemme zat bar yaly yone hich zat yok yaly. Yekelik gowy diyyan yone kawagt yekelik yadadya. Ichin gysmaga, gamlanmaga sebap bolmadyk wagy hem shol hala dushyan. Belki-de men ozum ichgysma adamdyryn?! Belki-de men durmushym ichgysgynchdyr?! Men ozumde bir problema bar yaly?! Hawa bar problema men ozumdedir. Kawagtlar bolsa gulmek sheylebir kyn dushya hich gulesin gelenok hat-da yylgyrasynam gelenok. Dineje bir dodagyny yazmak hem kyn bolyan wagtlary bolya. A kawagt bolsa sebapsiz gulyan, bokyan, oynayan hemmejesinem oz gownuni gotermek uchin edyan. Dashyny shol halda tutsan ichin hem sheydip bokup, oynap, guljek yaly… belki-de gulyandir yone ony bilemok. Son iller belki pikir edyandir “ay bu gyz yaman yenillay, uly gyza menzanok bokup yor..” diyip. Kawagtlar yany bir tanshan adamlarymyn yanynda-da ozumi gaty achyk alyp baryan gulup giriship, bilemok name uchin belkide ozumi shol wagt gowy duyyandyryn. Sonundan pikir edyan “ey bula mana samsyk diyendir” diyip. Aslynda men hich halamok islendik yerde-de gaty medenyetli bolmagy hachanda sheyle bolmaly bolsam onda “ne w swoem tarelke” diyyanleri yaly duyyan ozumi. Men SWABODA (ERKINLIK) diyen zady soyyan. Men ozumi swabodniy duymasam men hakyky ozum bolu bilmeyan. Kabir krugda hich ozumi rahat duyamok shol zerarlydyr belki kan giriship bilemok birhili hereketlerime gen gorjekler yalymy bilemok. Garaz sheylerajik zatlaram name uchindir ichimi gysdyrya.