4 нояб. 2008 г.

Yash shahyrlar

“Nesil” gazedinin redaktory Kakamyrat Rejebow. “Bagt” Uytgeshik zatlardan gozlardim bagty, Apet hyyallary beslap gowunde. Asyl, bagtyn chyn keshbini tanaman, Kan-kan gezek gechipdirin deninden. Bagt eken, bash goyup, gijan doshune, Ak sabalan gujagynda oyansan. Goya in sonky gun yashayan yaly, Her adamy bagra bassan, guwansan. Bagt eken, bagt hakda hyyal yuwurdip, Goynuna yetmage synanmaklygam. Begenmeli zada begenip chyndan, Gynanmaly zada gynanmaklygam. Munda kate showsuz diyen pursatlan, Son nur bolup yagyberyar bashyndan. Betbagtlyk yok ekeni aslynda Ahli zady yagsha yorup basharsan. Bagt eken, bu ajap owadan dunyan, Soyggusinden at galmasan, gaalmasan. Gyshlarynda aklyk bolup yagyplar, Guyzlerinde durna bolup galgasan. Ak umytlar bagt odunyn kozudir, Onda kanagadyn bagta gowushyar. Bizin yonekeyje diyyan omrumiz Gor-le, durshy bilen bagt ogushya. “Hyyallara chenli…” Ozumi yitirip, kalbym yitirip, Yitirip anymy, yitirip aklym. Otlem-otlem duygularyn teyinden Janym, sana baryan yodany tapdym. Shol yodany yzlap sana ugradym, Terk eyleyip asman-zemin arasyn. Yone kabul etman sada yshgymy, Name mana beyle yowuz daradyn?! Gaytdym dunderilip, yuzume urlan dek, Orun tapman senin konul torunden. Yalnyzlykda ot bolamda nadeyin, Dine oz-ozumi yakyp yorun men.. Dunye mana yuz berenok, sebabi Sen diyip dunyeden yuzum owrupdim. Sheydip soygin allaryndan aylanyp, Shol onkuje ozum bilen howrukdim. Bilyarin hazirem gozlermi yumsam, Kalbymy duygulan tuytmelejegni. Shon uchin, gel, akit meni, bolmanda Hyyallara chenli, duyshlere chenli…। “Ozum uchin goshgular” toplumyndan. Lachyn Purjayewa “Sana” Sne aydym ayt, men dinlayin, Sen deprek chal, ans oynayyn. Yylgyayyn her sozune, Bakyp bilman sen gozune Naz edeyin. Yaz edeyin, saz edeyin gownun senin. Soygim menin, soygim menin. Guller bersen, guller berip, Gulki bersen, gulki berin. Gama batsan, aglaryn men. Sen aglanyn anmayyn men. Akyl-husha erkim gider. Janym-ruhum elkin gider. Sen aglama, sen gamlanma, Agdyk bolmasyn aladan, Sen aladan – men aladam Sen aglasan, men chalajan. Chagyr sen, ylgap barayyn, Gollarym chyzgap barayyn, Yzlaryn yzlap barayyn, Tozlaryn ysgap barayyn. Chagyr meni, chagyr meni, Hyzmatyna hazirem men. Chagyrmadyk chagyn meni, Naderem men, naderem men?! Yurejik hakda Ey, Yaradan, men yaradar, Sana birje sowalym bar. Belent bashym sameden, Men yuregim nameden?! Agachdanmy ya dashdanmy? Demirdenmi ya aynadan? Bay-bay, kate serimi ol Aynadar-ow, aynadar. Plassmasdanmy, matadanmy? Rezindenmi ya gardanmy? Palchykdanmy? Ha, palchykdandyr. Palchykdan dal, gumdandänim Yasayansyn togalapjyk. Etden-a dal, shon-a bilyan. Ne yigrenyar, ne-de soyyar. Ne duygy bar oňluja Ne dashyny yag tutyar oň, Ne-de ichi suwlyja.

15 комментариев:

Dunya комментирует...

“Goshgy yazylmadyk gun…”

Yelkensizem bolsa, kone-de bolsa,
Kureksizem bolsa, bolsa-da bibat.
Garaz, bir gayyjak tapylmazmyka?!

Yogsa, yuzup bilmeyanim halyma,
Ozumi men oklaymagym ahmala
Ummana, wah, ummana…

Sebap men yash hem samsyjak,
Sha gyzy dey hem gamsyzja.

Eger boksem men yaydanman,
Eger boksem men gagshaman,
Ya sham borun balyklara
Ya yeterin agshama,
O kenara, gok kenara..

..Garaz, mana oran gyssag,
O kenara yetmek gerek.
Bilesiniz gelyar gerek?!

O kenarda gok tokay bar.
Gok tokayda kor torgay bar.
Torgay oran okumyshmysh.
Chynmy –yalan menkem eshtmish,
Hawa mysh-mysh.

Gurleyarmish adam yaly,
Akyl almadan dadan yaly,
Akyllymysh, akyllymysh.

Shona birje sorag berjek,
Hemem kabir syrym aytjak.
Gaydamda-da bolsa delje,
Kitabyndan alyp gaytjak,
Okar yaly, okar yaly.

Torgay yone bahana! Ha-ha-ha!
Yene-de bir goshgy indi jahana!
Ha-ha-ha!
Kamilleshyan barha barha! Ha-ha-ha!

Dunya комментирует...

Wiy yanky hem Lachyn Purjayewanyn goshgusy
Shu gyz yaman uytgeshik usul bilen yazyaray birhili goshgulary shadyyan hemem yonekey prikolniy. Kabir goshgularyny okayan weli Mahriban yadyma dushya :) hehe sholam sheyle sozler bilen kop yazyady onunkylaram okamak hezildi sebabi her goshgujygynda bir manyjyk bar ozbolushly.

Dunya комментирует...

“Bahar geldi”

Ene Zemin güjeňleýär göwsüni,
Gujagynda alma, nary güläpdir.
Saýlapdyr gülleriň gowdan-gowusny,
Gül deý göwünleriň bary gülläpdir.

Baharym, sen söýen gyzyma meňzeş,
Zülpleriň dyzyna çenli örülgi.
Boý alan gülleriň dyzyma deňdeş,
Gülleriňem ýürekleri ýarylgy.

Gunçalary gabagyna sygmandyr,
Balarysy lebin öpüp gaçypdyr.
Sähralary gujak-gujak armandyr,
Leýlisaçyn şemal sypap geçipdir.

Çölde mallar doldurypdyr agylny,
Owlajyklar biri-birine meňzeş.
Zülpleri dyzyna çenli örülgi,
Baharym, sen söýen gyzyma meňzeş.

“Baharda”

Bahar geldi, meni bir gyz halapdyr,
Gelipdir içinde söýgüsin saklap.
Gözli kör bolmasaň aňşyrmalydy,
Gezip ýörseň nätjek, bir gyza bakman.

Bahar geldi… men bir gyzy haladym,
Päk söýgimi oňa bilmedim gönläp.
Bilmedim, ýa aňşyrmady söýgimi,
Jowrandym, owrandym niçeme günläp.

Gör-ä, bolýan zady bahar gelende,
Ýüregimde söýgim gül-gül açyldy.
Bagty gelse, wagty bolmaz ekeni,
Söýgi meni öz adyna geçirdi.

Şol gün, hakykatdan, bahar gelipdi,
Bir-biregi söýen eken bilmänem.
Iki ýürek duşdy biri-birine,
Ýogsam…
Göwünlerde gyşdy, bahar gelmändem.

“Gyşda ýazylan goşgy”

Gargalaram gagyldaşyp goýanok,
Gybat edip, urýar olar söhbeti
Bir-birine göwni ýetenok, asyl,
Bele-de bir etmek bolarmy gepi?!

Olar halanybam barlanok kän bir,
Görse, çagalaram daşlap ýör, ine.
Olaň bolsa öz-özünden keýpi kök,
Düşen ýaly bagtyň wysal deňzine.

…Seret, çekilen deý owadan görnüş,
Didelerim bakyp-bakyp doýanok.
Garyň ýagýanyny buşlaýan ýaly,
Gargalaram gagyldaşyp goýanok.

(Goçmyrat Orazberdiýew)

Dunya комментирует...

Kakamyrat Rejebow
Doglan gunun!

Guyz guni, sho-ol yoda, saralan baglar..
Gechip baryan dukanlaryn yanyndan.
Ynha, sowgatlary dashlamak uchin,
Durli-durli owadanja kagyzlar.

Sholaryn in gowsun alasym geldi,
Seni bir ajap gun gutlaryn diyip.
Sowgadymy shona salyp bererin,
Pyshyrdap, “Sen menin ykbalym” diyip.

Bu gun doglan gunun, dunye alayaz,
Gush-gumrular hinlenip yor aydyma.
Sana netlan sowgadymy dashlara
Shol gulluje kagyz dushdi yadyma.

Yone onun nepi degmedi asla,
Bermedi peydasyn shuncha saklanym.
Chunki menin sana netlan sowgadym,
Ol adaty daldi, Ol –men ykbalym!

Tolkunuplar yere-goge sygmadyk,
Ol apet yshgymdy yurekde gullan.
Ony sowgat edyan, bir soze dolap
“Men seni soyyarin”, kabul et, dunyam!

Dunya комментирует...

Oguljennet Bashimowa.

“Sen saz chaldyn..”

Sen saz chaldyn,
Men oturyp agladym.
Bu saz arshyn perisine degishli.
Shol saz bilen gije-gundiz yashap men,
Yyllar gechdi, sho saz bilen gorushdim.

Sen saz chaldyn, ikimize bagyshlap,
Ol saz senin soyga aydan sozundi.
Aramyzda ayralyk dal, adam bar,
Sazlaram kesildi, tar hem uzuldi.

Ol saz gijeleri gundize owren,
Yuregime inen gudrat-keremdi.
Yyllar gechdi, düshüsherin oydup men,
Yalnyshdym, tersine, kalbym elendi.

Sen saz chaldyn, bir ikimiz hakynda,
Ayralygyn sazy bagrym dilmedi.
Bizi birleshdiryan yeketak asman,
Hich dushuryp, hich dushuryp bilmedi.

Sen saz chaldyn arshyn kalbyn paralap,
Sokup bolmaz uz-owadan keshde dek
Gormek uchin dash bolsa-da ayralyk,
Bir-birige soygimizi kesmedik.

Sen saz chaldyn,
Men oturyp agladym,
Ol saz gurshap aldy towerekleri.
Ikimiz yatladyp ulus illere
Uchduk gitdik
Jahyllygyn duzunden,
Goshalanyp baryan kebelekleri.

“Yagysh yagsa..”

Yagysh yagsa seni goresim gelyar,
Buldurayar, sildireyar damjalar.
Yagysh yagsa oz ysyndan utanyp
Biyaran ichine chumyar zamchalar.

Yagysh yagsa, aydym yagyan yaly-la,
Dowamata dowam beryan hen dorap.
Yagysh yagsa, yeke ozum dali dal,
Hen doredyan serler kandir senselan.

Yagysh yagsa, dunyan yuzi uytgeyar,
Shahyr dostlam gapdalymda bar yaly.
Yagysh uzyn tary – gadym tamdyran,
Dymyshlyk yayradyp yagmaz gar yaly.

Yagysh yagsa seni goresim gelyar,
Ellerimi ysgan wagtyn gul sayyp
Shol pursada gaydyp gelesim gelyar,
Duygularym nepislenyar gun sayyn.

Yagysh yagsa, sen ellerim ysgasan,
Menem yerin ysy edayse beyhush.
Biyaralan ashagynda zamchalar
Jyklashyp yatsalar utanyp, ey-how..

Dunya комментирует...

Gurbanmyrat Hojamyradow

“Gelinalyjy”
Seni gelip akitdiler dan bilen,
Yuregimin arzuwlarny duymazlar
Menin hesretimden shatlanar biri
Dunyade gam bardygyny duymaz dey.

Konul sallanchagmy bosh uwrar yyllar,
Seni gidereme yanzydyp owran.
Mynasyp dal kimin galaryn bukup,
Dostlarmyn yanynda kicheler gowram.

Lale kimin boz yagyshlar dokulip,
Gowshuran gullerim yene bark urar.
Basan yodalaryn kemencha donup,
Yiregimin taryna syhalar durar.

Gozungdaki sessiz ynjyn yzasyn,
Gurshap alar toweregin yan bilen.
Hat-da menin barlygymam duymazlar,
Seni gelip akiderler dan bilen …

Dunya комментирует...

“Bahar geldi”

Ene Zemin güjeňleýär göwsüni,
Gujagynda alma, nary güläpdir.
Saýlapdyr gülleriň gowdan-gowusny,
Gül deý göwünleriň bary gülläpdir.

Baharym, sen söýen gyzyma meňzeş,
Zülpleriň dyzyna çenli örülgi.
Boý alan gülleriň dyzyma deňdeş,
Gülleriňem ýürekleri ýarylgy.

Gunçalary gabagyna sygmandyr,
Balarysy lebin öpüp gaçypdyr.
Sähralary gujak-gujak armandyr,
Leýlisaçyn şemal sypap geçipdir.

Çölde mallar doldurypdyr agylny,
Owlajyklar biri-birine meňzeş.
Zülpleri dyzyna çenli örülgi,
Baharym, sen söýen gyzyma meňzeş.

“Baharda”

Bahar geldi, meni bir gyz halapdyr,
Gelipdir içinde söýgüsin saklap.
Gözli kör bolmasaň aňşyrmalydy,
Gezip ýörseň nätjek, bir gyza bakman.

Bahar geldi… men bir gyzy haladym,
Päk söýgimi oňa bilmedim gönläp.
Bilmedim, ýa aňşyrmady söýgimi,
Jowrandym, owrandym niçeme günläp.

Gör-ä, bolýan zady bahar gelende,
Ýüregimde söýgim gül-gül açyldy.
Bagty gelse, wagty bolmaz ekeni,
Söýgi meni öz adyna geçirdi.

Şol gün, hakykatdan, bahar gelipdi,
Bir-biregi söýen eken bilmänem.
Iki ýürek duşdy biri-birine,
Ýogsam…
Göwünlerde gyşdy, bahar gelmändem.

“Gyşda ýazylan goşgy”

Gargalaram gagyldaşyp goýanok,
Gybat edip, urýar olar söhbeti
Bir-birine göwni ýetenok, asyl,
Bele-de bir etmek bolarmy gepi?!

Olar halanybam barlanok kän bir,
Görse, çagalaram daşlap ýör, ine.
Olaň bolsa öz-özünden keýpi kök,
Düşen ýaly bagtyň wysal deňzine.

…Seret, çekilen deý owadan görnüş,
Didelerim bakyp-bakyp doýanok.
Garyň ýagýanyny buşlaýan ýaly,
Gargalaram gagyldaşyp goýanok.

(Goçmyrat Orazberdiýew)

Dunya комментирует...

Suray Babanyyazowa
“Soyupdim ahbetin”

Yyrtylan yapraklar, ot alan guller,
Baharyn torunde yylgyryp otyr.
Shemalam soygimi bilmeyan yigdin
Dem alan howasyn yanyma getir.

Juda soydum yetishiche aklymyn,
Indem bildigimden gozleyan chare.
Bagtym sheyle ansat gelayyan bolsa,
Menin goreshmegmin hajaty name?!

Saralmadyk gunler soymedik yigdin
Solmadyk keshbini goz onme getir.
Bu durmushda men gazanan zadym yok,
Her nichik-de men soyupdim ahbetin.

Dinlap gechip baryar gunlen gussasy,
Her sagatda ekip yorun bolsady.
Bir shol yigit birje dunyame dushup,
Ah, nahili soyyandigmi bilsedi.

Durmushyn kadasy dowam edip dur,
Gyzaryp gun dogyar, gyzaryp yashyar.
Emma shol yigidin menin soygimi
Duymazlygy mana gaty kyn dushyar.

Dunya комментирует...

Mahri Muhammedowa
“Sana”
Ezizim! Hich hachan bolmandyn menki,
Indem bolmajagna yetip dur gozum.
Shonda-da gussadan doly gursagma
Teselli berip dur sen “soyyan” sozun.

Muna-da gunakar yeke-tak ozum,
Hem gedemlik baglan tekepbir gursak.
Mana-da kalbymyn syryn achmaga
Yogsam, kan gezekler bolupdam pursat.

Gyssanmadym boyun almaga sheyle tiz,
Hem kalbymyn shol kadasyn bozamok.
On dozmandim goybermage dunyame
Indi bolsa ozge dunya dozemok.

Dunya комментирует...

Gulbahar Gurbanowa
“Ukusyzlyk”

Gozlerim yumuldy, yatanok beyni,
Gapdalymda jyrkyldayar sagadym.
Ertirim hakynda pikir edipdim,
Maksadymam pikirlem dey dagady.

Gonshymyn chagasy aglayar dynman,
Eshitmedi yadap gelen yash eje
In sony uklamok, gotardim seni,
Arman gapy kakylmayar bu gije.

Sag adamlan ahlijesi uklapdyr,
Duysh goryandir deniz hakda, Gun hakda.
Mana ukusyzlan dunyasi gerek,
Giderdim men bolsa-da ol uzakda.

Gijanin bir tasin shygyrdysyny,
Sarygarynjanyn shytyrdysyny
Terjime edipdim sheyle tumlerde.
Men soygini gijelerden gozledim,
Men manyny gozlemedim gunlerden.

Mana biwepalyk etmeyar gije,
Kate meni hujuwlamdan gorayar.
Yone weli azap beryar kamahal,
Bosh gunlerin hasabyny sorayar.

***
Sen dunyande mana baha berilmez,
Bilyan kandir entek aydylmaly zat
Sen garashma, geler diyip bir zaman,
Sana baryan yollar bolupdyr berbat.

Birchak yapylypdyr ol yolda dukan.
Awtobuslar uytgedipdir ugruny.
Kim bilyarka bu gunlerin ahwalyn,
Sensizlik gowumy?
Soygi dogrymy?

Sen hakyn bar ynanmaga adamlan,
Gowulykdan dushmejegne uchmaha.
Yone gushlarynam ganaty gyrlar,
Nira gonjagyny bilip uchmasa.

Ikimizi ayra salyar pikirler,
Hich kim inkar edip bilmez birinem.
Jedel bilen gozgap durun yureging.
Bilyan senin yureginde diri men.

Yone welin yok bolupdyr arzuwlar,
Hemem barha arzanlarayar gijeler.
Nache goshgy okasan-da, pursatlar
Ilki yaly,
Onki yaly suyjemez.

Dunya комментирует...

Mahri Muhammedowa
“Sana”
Ezizim! Hich hachan bolmandyn menki,
Indem bolmajagna yetip dur gozum.
Shonda-da gussadan doly gursagma
Teselli berip dur sen “soyyan” sozun.

Muna-da gunakar yeke-tak ozum,
Hem gedemlik baglan tekepbir gursak.
Mana-da kalbymyn syryn achmaga
Yogsam, kan gezekler bolupdam pursat.

Gyssanmadym boyun almaga sheyle tiz,
Hem kalbymyn shol kadasyn bozamok.
On dozmandim goybermage dunyame
Indi bolsa ozge dunya dozemok.

“Goyber meni”

Soyga-de, mahre-de serhet yok, yone,
Ondan bashga zatlan bar ahyr chagi.
Tamamlaly dushushygy bu gunki,
Gije umsumlige gol beren chagy.

Hayysh etme, jan chekme sen yalbaryp,
Ellerimem ellerinde gizleme.
Alyp galma gijeligin tumunde,
Munun uchin bahana-da gozleme.

Goy, syrymyz galsyn gizlinligine,
Yakynlarna bu hakda soz diyme-de.
Apalan, arzylan nazik yshkyny,
Umytlanda, hyyallanda guyme-de.

Goyber meni mundan artyk orteman,
Dal bu omrumizin in sonky guni.
Yene-de dushushyp bilermiz yaly,
Yalbaryan ezizim saklama meni!

Dunya комментирует...

“Ozum uchin goshgular” toplumyndan.
Lachyn Purjayewa

Ey, Bahyl, bahbidin bilmeyan pahyr
Sen mana bahyllyk ederden, wah-ey,
Ejiz.
Sen guyjun yetmeyar.
Munda hich zat ikimizden bitmeyar.
Sen koshesh!
Barybir kellane gonmaz Humay gush,
Barybir sen bagtly bolup bilmersin.
Bolanja bagtyn bir mana sarp etme,
Bolanja omrun bir mana sarp etme,
Men utanyan.
Dowletli maslahat bereyin, alsan,
Eyyam nache gezek dash chapdy paltan.
Gowusy sen, yasha shu wagt,
Olenson-a,
Yashamadyk yaly bolup gidersin.

Dunya комментирует...

Seytmyrat Geldiyew. “Yashlygyn taze pasly” goshgular toplumyndan. Shu shahyrjyk hem bir bayraga aldy yalnyshmasam prezidentyn medalyny alaydy oydyan.

“Ynan”
Sen menden ka zady gaty gormegin,
Sen menden kan zady gaty gormegin.
Asla yokdur giperbola, toslama,
Sana yaramayan teleki ishi
Eder oydup oslama
we shulary bil:

Yetmezne urnam bolmasam,
Bagtyna gurban bolmasam,
Toyunda porhan bolmasam
Bolasy gelmeyandir oytme!

Satashsan tirkap baldyzyn,
Bash atyp diyende: “Barmysyn!”
Beren salamyn almasam,
Alasym gelmeyandir oytme!

Chekip bildim “ah” baryny
Tey, tapmadym ahmalyngy,
Soramasam ahwalyngy,
Bilesim gelmeyandir oytme!

Janym dilim dey gijande,
Yshk tene sygmaz gijamde,
Rahatlyk jandan suyjande
Olesim gelmeyandir oytme.

Den bilen gulup bilmesem,
Nadeyin, olup bilmesem,
Olemson gelip bilmesem,
Gelesim gelmeyandir oytme!

Men – nem, senin yshkyna yngan,
Shu sozlerim goshgy uchin bahana,
daldigine hem-de ahlisine
Ynan, ynan!
***
Yazdym,
Yazdym dine derdinmek uchin,
Goshgy eken ortenshimin peyzazhy.
Sheytsem hem-a biraz yenillik duyyan,
Hem-de kosheshmage yok ong peydasy.

Birhili, azajyk owrenshipdirin,
Kapasada gatnamaga ikiyan.
Na sebapden sheydyanimi bilmanem,
Ozal sheydip gechenleri okayan.

Bu yerde uytgeshik, bulashyk zat yok,
Dogrusy, men yone, haki bir soydum.
Menin pikirimche…
…men-a bilmedim.
Aydyn!
Asha ynanjandym soyga, durmusha,
Unudulyan ekenin derde emsizkan.
Mana shahyr diyip, ashyrman hetden,
Mana shahyr diyip, meni kemsitman!

Dunya комментирует...

Annahal Bayhan

“Ayneklije gyz”

Ap-akjadyn, owadandyn,
Gozunde aynegin bardy.
Ish ederdin,
Ejeminem,
Koneje chaynegi bardy.

Kamahalam guduraplar
Aynegini ogurlardym
Yone birden pynhan-pynhan,
Nazarymy dogurlardym.

Sen sheylebir yuwashjadyn,
Parahatdyn umman yaly.
Bu oglanlyk soygimizin
Pashmajagna dymyan yaly.

Gunlerem gechip gidipdir,
Aylanypdyr ay-yyllaram.
Pishmesin sechip gidipdir,
Yetishipdir oglanlaram.

Bilsen yene chendan-chendan,
Yuregim gaynaya-bishya.
Sana hakyt gelship duran,
Aynegin yadyma dushya.

Ejemin onunde mydam,
Koneje chaynegi bardy.
Dayzamyn gyzynyn mydar,
Gozunde aynegi bardy.

Dunya комментирует...

Shu wagt G.Ezizowyn shu setirleri yadyma dushdi

Magtymgulyn chaylar ichen chaynegni,
Yuwup-supurmage hukuk gazansam