30 сент. 2008 г.

Yhlasyny koydurmek.

Belkide kimdir birinin yhlasyny koydurmek dunyade in erbet zatlaryn biridir. Onda men gaty erbet adam oydyan, yone men bilgeshleyin edemok, shonun yaly zatlary islamok yone sheyle bolya her gezek. Eyyam nache oglanyn men zerarly yhlasy koydi. Men aslynda oglanlara ansat ynanyan adamam dal yone-mone oynama sozleri uchin kellami agyrdyp olara gynanyp uns berip yoremok weli yone kopusi olaryn hakyk subut edenlerdi. In gynanchly yeri bolsa olaryn birisem erbet oglanlar dal hemmesi an-dushunjeli, bilimli, akylly, terbiyeli, ishennir... Birisinin gozi henizem yadymdan chykanok. Men ol wagt yany bir okuwy gutaran gyzjagazdym-da soygi-moygi uchin heniz men durmushymda orun yokdy. Ol bolsa shol wagt 25 yashynda birinin in uly ogly TR okuwy gutaryp gelipdi. Ol mana “okajak diysenem, son toy edeli diysenem garasharn” diyipdi. Yok diydim “mana garashmak gerekdal ozune bashga yol tapda shol yoldan gidiber men ikibashdan sana barmayan men yolym bashga..” diydim. Shondada ol 2 yyl yaly garashdy. Dayzamyn adamsynyn jigisidi ol, ahyr oyundakiler gyssadylar oydyan bashga gyza oylendi. Oylenjek wagtlary ol gyzyn kan bir gowy gyz dal-digini eshtdim ona gynandy. Sebabi ol chyndanam gowy gowja gyza mynasypdy birhili ozum onun uchin gowja gyz tapyp berayesim geldi. Birhili ol gynanyady weli onun gynanmazlygy uchinem ony halasym gelyadi yone yurege buyuryp bolyamy?! T.k ol men dayzamyn adamsynyn jigisi bolanson men kan dayzamlara gidemokdym uyshmelen zat etse-de sebabi onunam geljegini bilyadim. 2 yyldan son dayzam dagy ullakan jay aldy uly Huday yoly etdiler mana “onunden komekleshmage gel” diyipdi. Bardym gara bashagay salat edip otyrdym birdenem gapydan onun ayaly gyzjagazy bilen geldi. Hich shol gezek olaryn geljegi yadyma dushmandir. Ayaly bilyane menzedi salamlashmak uchin elimi uzatdym weli birhili edip sowuk salamlashdy. Ay sonam gyzjagazyny gujaklap otyr mana alarlyp seredip. Kak bud-to men onun adamsyny elinden aljak bolyan yaly. Son birsellemden adamsy geldi ozumem duyman galypdyrn gapydan geldem weli goni seredaypdirn son goni ashak seredip saladym bilen boldym. Komnat kichirajik bolanson aralyk yakynrakdy. Gozumi yerden galdyrman otyrn salat bilen guymenip shol gezekki yaly ozumi erbet duyan gezegim bolmady yaman aljyradym. Ol ayalynyn yanynda biraz eglendi son chykyp gitdi. Gyzlar son aytdylar “Ayaly senden gozuni ayyrmady molerlip seredip dur” diyip. A son biraz wagtdan ashak dushmeli boldum ullakan kerseni goterip zordanjyk goterip baryan. Men ashak dushup baryan ol bolsa yokaryk munup barya hokman dushaymalymy diysene. Deninden gechip gitjekdim weli “getir men komeklesheyin!” diydi menem “yok agyr dal ozum gotererin” ol “Dunya kejeshmede bersene” diydi. Bir aljyradym ona kerseni beresim gelmedi yone biri gorer oydup gorkdym. Kerseni eltmeli yerine eltdi hich zat diymedi. Son birsellemden ol yitrim boldy. Agasy, ayaly hemmeler ony gozledi hich kim bilmedi nira gidendigini. Agasy jay toy edip otyr ol hyzmat etmegin deregine aytman-diyman bir yerlerik gidipdir. Her kim soraya “on name kellesi yerinde dalmi nira gidya ol shu wagt gerek wagty...” diyip. Birhili ozum gunakar yaly bolup gitdim. Hich wagt dayzamdan soramokdym onun durmushy hakda son soradym biraz gynandym “onkuligi yok, ayalm kan gowy dal, hich janlyja zat gowhsak, hemme zat parhsyz yaly onun uchin…” diydi. Ozumi onun hemme problemalarynyn gunakari yaly duydym. Bir gyz yok diyeni bilen beyle basylyp galmak hokmanmydy biderejik oz durmushyny ichgysgynch edip hem ayalynyn hem chagasynyn durmushyny shatlykdan doldurmagyna derek… Bashga-da sheyle yagdaylar kop bolya yone olaryn sonky durmushyndan men kan habarym yok. Goy olar bagtly bolsunlar men olaryn yhlasyny koydurenligim uchin dunyaden doygun bolup yashamasynlar, gaytam mana na zlo bagtly, shadyyan yashasynlar. In bolmanda men uchin bagtly bolsunlar. Sebabi olaryn sheyle yagdaylaryny eshdip ozumi yaman nejis, yigrenji, dineje adamlara ziyan getiryan yaly duyyan yashasym gelenok. Belki-de olar mana oylenen bolsalar hasam beter betbagt bolardylar kim bilya men nahili ayal boljagymy.. Yone shonda-da kime barsam ony men dunyade in bagtly adamlaryn biri etjek bolarn. Eger basharmasamam in bolmanda gowy ayal, gowy eje, gowy adam boljak bolarn. Her kimin nesibesi bir yerdedir yone shonda-da Allajan goy hich kimin eden yhlasy koymesin! Goy kimdir biri birini halasa shol hem ony halasyn hemem olar bile bolsun. Eger soygi ikitaraplayyn bolmasa onda goy ol ony unutmagy hemem onsuz bagtly bolup yashamagy basharsyn. Yhlasy koydurmek erbet zat belki-de gunadir belki-de menem gunalidirin…

Yalnyzlyk

Yalnyzlyk! Kawagtlar ozuni sheylebir yalnyz duyyan butun showhun galmagalyn ichinde-de. Yogsam yalnyz duyaryn yalagam dal dashynda joralan, hossarlan, ene-atan, doganlaryn, tanshlaryn yone shonda-da birhili sana bashga bir zat gerek yaly? Ichin gysya niredir bir yerlere gidesin gelya. Sen durmushyn bashga yerde bashga hili dowam etmeli yaly. Wagtam gechip dur edilmedik nache ish yatyr onde, a edilen ishler bolsa bosh ishler yaly. Hemme zat bar yaly yone hich zat yok yaly. Yekelik gowy diyyan yone kawagt yekelik yadadya. Ichin gysmaga, gamlanmaga sebap bolmadyk wagy hem shol hala dushyan. Belki-de men ozum ichgysma adamdyryn?! Belki-de men durmushym ichgysgynchdyr?! Men ozumde bir problema bar yaly?! Hawa bar problema men ozumdedir. Kawagtlar bolsa gulmek sheylebir kyn dushya hich gulesin gelenok hat-da yylgyrasynam gelenok. Dineje bir dodagyny yazmak hem kyn bolyan wagtlary bolya. A kawagt bolsa sebapsiz gulyan, bokyan, oynayan hemmejesinem oz gownuni gotermek uchin edyan. Dashyny shol halda tutsan ichin hem sheydip bokup, oynap, guljek yaly… belki-de gulyandir yone ony bilemok. Son iller belki pikir edyandir “ay bu gyz yaman yenillay, uly gyza menzanok bokup yor..” diyip. Kawagtlar yany bir tanshan adamlarymyn yanynda-da ozumi gaty achyk alyp baryan gulup giriship, bilemok name uchin belkide ozumi shol wagt gowy duyyandyryn. Sonundan pikir edyan “ey bula mana samsyk diyendir” diyip. Aslynda men hich halamok islendik yerde-de gaty medenyetli bolmagy hachanda sheyle bolmaly bolsam onda “ne w swoem tarelke” diyyanleri yaly duyyan ozumi. Men SWABODA (ERKINLIK) diyen zady soyyan. Men ozumi swabodniy duymasam men hakyky ozum bolu bilmeyan. Kabir krugda hich ozumi rahat duyamok shol zerarlydyr belki kan giriship bilemok birhili hereketlerime gen gorjekler yalymy bilemok. Garaz sheylerajik zatlaram name uchindir ichimi gysdyrya.