20 мар. 2012 г.
Eshidyäñmi, eje!
Eje, eshidyäñmi ogluñ sesini?
Gamsyz gezip yörün Ashgabatda men.
Yandak b/n yakyp demir pejiñi,
Duluña duwlanyp oturansyñ sen.
---
Ya jorapjyk örüp,
Ya yamag yamap,
Unutjak bolyansyñ gaygyny-gamy.
Çyranyñ peltesin galdyryp käte,
Diñ salyp,
Uludan alyansyñ demi.
---
Diñe pejiñ shatyrdysy diymeseñ,
Gum-guklukdyr,
Bilyän,
içeriñ eje.
Egsilen tüñçäni dolduryp arshy,
Goyarsyñ hemishe höwürdesh peje.
---
Kendirik gemiryän kör syçan kimin,
Dyrmalar aynañy dasharyñ yeli.
Diwarda asylgy durandyr shindem
Kakamyñ getiren kagyzdan güli.
---
Bilyän, gynanç bilen çañyny sylyp,
Kagyzdan ysymy alyansyñ,
Bilyän.
Ukusyz gijeler,
Uzak gijeler
Hyyalyñda yene yanyña gelyän.
---
Yene Ashgabada uçar hyyalyñ,
Yene men barada gayga gidersiñ.
"Oglum aman bolsun!
Dik bolsun bashy!"
Alladan dilärsiñ,
Alkysh edersiñ.
Men bolsa ernime sigar gysdyryp,
Billiard oynamaga baryaryn baga.
---
Belki,
Sorayansyñ häzir shol gülden:
"Hany seni sansyz ysgadan çaga?
Hany, bu hütdügiñ han ogly hany?
Indi uçurmazmy oglum batbörek?
Yekesiräp,
Yetim galaymalymy
Yshkyny perzende siñdiren yürek?"
---
Men bolsa ernime sigar gysdyryp,
Billiard oynamaga baryaryn baga.
Shol kepbede sallançagy üwrelen
Näçe çyrçygyna çydalan çaga.
---
Shol tamda äleme indirdiñ meni
Shol kepbede açdym,
Eje,
Gözümi.
Yadyñdadyr,
Begendirip baharda
Ilkinji aydyshym "eje" sözüni.
Shol kepbede durjan-durjan bolup men,
Gujagyña gollarymy geripdim.
Shol kepbede yörjen-yörjen bolup men,
Gapa çykyp,
Güne salam beripdim.
---
Indi adam boldum,
Adam boldum men.
Dogurdanam adammykam asylly?
Shol sowaly sorady añ yürekden.
Yürek dymdy,
Yürek añdan basyldy.
---
Namys näme?
Gayrat näme?
Ar näme?
Bu babatda akyl berip ynsana,
Sapak geçyän,
Makala-da yazyan men...
Sowulyan showhunly,
Jazly meyhana.
---
Arpa suwnuñ düwme-düwme köpügi
Birden gözyashyña öwrülyär, eje.
Men olary ishdä bilen içyärin...
Yene yandak salyañ sen sowan peje.
---
Diwardaky aynadan öz suratym,
Gañyr garap, degyä meniñ degnama:
"Alym bolsañ,
Ayt, eshdeli, han ogul,
Namys näme?
Gayrat näme?
Ar näme?"
---
Eshidyäñmi, eje, ogluñ sesini?
Agyr oylar dushaklayar ädimmi.
Senden uly sud yok maña,
Jogap ber:
Men adammy,
Men asylly adammy?
(ATA ATAJANOW) 1965y.
12 мар. 2012 г.
samsyk gulkiler
Käwagt durmushda gereksiz yerden samsyk gülkiñ tutyp, adamyñ yüzüni gyzardyp goyya. Biz hem okuwçy wagtymyz gyzlar b/n sheyle pursatlar has köp bolyady. Ejem hemishe: "siziñ hàzir yeriñ yarygyna-da güljek wagtyñyz" diyyädi. Mekdebi gutaralym bäri ynha 9 yyl bolya. Soñky wagtlar beyle gülkilerem yat bolup gitdi. Arada welin yene shol yyllary yadyma salan waka boldy. Bile okan klasdash joram Sahranyñ ejesi ayyrlypdyr. Yene shol 3 jora bolup juma agshamyna gideli diyishdik. Hemmämizem ishli bolanymyz üçin ishden soñ gitdik. Sahrañ ejesi ayrylandygyny Jennediñ özem bir yerlerden eshidipdir. Olaryñ köçesine girdik, 2-3 jaydan olaryñ öyi. Yaglygmyzy dandyk. Öyleriniñ golayynda adam-gara yok. Yöräp baryas welin, bize yogaldy habary yetiren Jennet: - A gyz, çyndanam ejesi yogaldymyka beri?! - diyip yüzümize seredyä. Hey masgara shu bir gülendirisay. Çydap bilmän yzymyza gaytdyk. Shunça saklanjagam bolyas welin, bolanok. - Ahow gulak, masgara etme bizi. Kimden eshitdiñ yogaldy diyip? - Dayzam aytdy "shularda birä yogalypdyr öydyän" diyip. Sährañ ejesi 2 yyl bäri düshekde yatyrdy. Onda-da maglumat dogry bolmasa biziñ yaglykly beydip barmagmyz gaty erbet boljak. Onsoñ doly anyklaly diyip jañ etdim Sähra. Nädip sorajagmy bilmän "juma agshamymy shu gün" diydim. "hawa" diydi. Ömrümde iñ agyr göryän zadym yasa barmak. Yas tutyan adamlary görsem yere siñip gidyän. Girdik gapydan. Sähra dayzasy b/n otyr. Töwir edip, derrew bir gelin podnosda palow b/n çörek getirdi. Dayzasy "alyñ iyiñ" diydem welin padnos yañy bir yere degip-degmänkä Jennet palowa el uzatdy. Onsoñ menem azajyk alyp agzyma saldym. Biraz dymdyk. Dayzasy alyn duz dadyñ diydi. Menem çörekden hem dadylyandyr diyip paketda duran çörege elimi uzadyp yañy bir pakedy açdymam welin, dayzasy "omin edeliñ" diyip töwir okamaga durdy. Jennediñ yüzüne seredemok, yuwashlyk b/n pakedy yapyp töwir etdim. Bilip otyryn onuñ gülkisi tutyanyny, häzir meñ gülkim tutanok, yöne onuñ yüzüne seretsem meñem ishim gaydar. Turmaly wagt boldy. Yasda elten puluñy düshegiñ ashagynda goymaly. Jennedem arkamdan dürtyä "nirä goyduñ puluñy" diyip. Düshegiñ gyrasynda oturmanmyzsoñ goyara yer yok. Öñümizde yatan çagajygyn düsheginiñ ashagyna salmaly boldy. Bu arada nädip aytjak Jennede, Sährada maña golay otyr. Olam gayta-gayta dürtip soraya. Ahyry gaytdyk. Gapydan çykdygam welin, yagysh yagyp bashlady. Duralga çenli eslije yöremeli. Yola düshdigem welin, gülüp bashladyk. Adam nädip shol derejede binamys bolyaka?! Shu wagtjyk yas yerden çykdyk ahry. Bolman Jennediñem kakasy yakynlykda yogalypdy, menem Jeren b/n mamamy yitirdimä. Özümizem yürekden gynanyasa Sährañ ejesine. Onda nädip gülüp bilyäs?! Shonda Jennet b/n birinji yasa gidishimizi yatladyk. Okuwçydyk. Gülshadyñ kakasy ayryldy. Mekdepden soñ üyshüp gitdik. Heniz yaglyk dañyp görmedik çaga bolanmyzsoñ owadan dañmak b/n bashagaydyk. Shol döwür türk aynalaryñ yañy çykyp bashlan döwrüdi. Biriniñ aynasyna seredip yaglyk dañypdyk 12 gyz bolup. Aynañ añyrsynda bir oglan duran bolsa nätjek. Birden aynany açdy welin, gygyrshyp gaçdyk. Soñam tä Gülshatlara yetyänçäk gülüp-gülüp däli bolduk. Gapysyna yetdigem welin, zordan durus saklanyp. Köplük bolsañ hasam gülmäge zat tapylya. Gülki b/n yas üçin berjek pulumyzam jemlemändiris. Oturan yerimizde jemledik. Bilemok näme üçindir yas yerdäkilere puly görkezmejek bolup biri-birimize ogrynça arkamyzdan geçirdik. Pul jemlendi. Puly goymaga yer gözleyäs. Bir-ä halyñ ashagyna salynya diyip eshidipdir. Pullary Sähra berdik, olam gapdalymda otyr. Yza elini uzadyp arkan egrelip bir zada edyä. Yuwashlyk b/n sorayan: - A gyz, näme edyäñ? - uff shu pullary halyñ ashagyna saljak bolyan welin... Yzymyzda TV dur podstawkañ üstinde. Haly bolsa podstawkañ ashagynda. Sährada shol halyny yuwashlyk b/n podstawkañ ashagyndan çykaryp shol yerik puluny goyjak bolya :) muny görüp bir gülkim tutdy bir gülkim tutdy. Gyzlaram sereyä, menem göz b/n Sährañ bolup oturshyny ümleyän. Indi bolsa hemmämiz zordan otyrys gülmejek bolup. Sährañ sheydip gara bashagay bolup durushy henizem yadymda. Gaydyshyn gülishyäs "indi o pullary kapitalniy uborka eden wagtlary taparlar" diyip :) Yene bir waka. Okuwy gutaran wagtymyz Merjen klasdashymyzyñ kakasy yogaldy. Yene 12 gyz bolup ala wagyrdy bolup yasa gitdik. Gapydan girdik. Yas yere baranyñda salamlashylmaya. A biz klasdashymyz b/n salamlashyp hemisheki yaly "gowmy" diydik. Ol yerinden turman otyr. Uzyn saçak yazdylar. Saçagyñ ol burçunda çörek. Ejesi "alyñ duz dadyñ" diydi. Dursun çörekden alyp diñe özüne bolar yaljak çümmüjek böldi-de çöregi yerinde goydy. Gapdalynda oturan Ayjeren Dursuny kakyp çörek sorady welin, olam öz kiçijik bölejigniñ yarysyny berdi. Sheydip shol bölekjik 12 gyza yetdi. Shol wagt gaty gülkimiz tutupdy, sebäbi herimize owuntykdan yetipdi. Menä alan owuntygmy iyibem bilmedim. Gaty maydajyk bolansoñ elimiñ arasyndan etegme gaçyp togalandy. Gaydynçam ber-bashagay bolup shony gözledim. Iñ soñkyja owuntygy bolsa Oguljahan b/n Sähra zordan paylashypdyr.
Подписаться на:
Сообщения (Atom)