14 мар. 2008 г.
Gelin gyzlaryň göwni.
Gelin gyzlar ýagny biz, her näçe daşymyzdan gatyrak, merdiräjik boljak bolsagam, ahyr soňy göwnümiz ejiz düwün galýa. Näme üçindir erkek adamyň sähel gatyrak sözi hem erbet täsir edip bilýä. Mena dogrymy aýtsam biraz binamysrak ýöne şonda-da has aňyryma seretsem göwnümde kine galýa. Adamlardan hiç zady gaty görmejek bolup, daşymdan görnüşüm ýaly boljak bolup soňky günler halys unudaýpdyr kimden göwnümde kine saklaýanymy, göwnüme degdimi degmedimi :) Unutmak gowy zat sebäbi unutmasaň diňe özüňe zyýan edýäň. Ýöne ikibaşdan näçe wagt geçsede ýadyňa düşse gynançly bolýa :(
Ine bir ýagdaý boldy aýal işgärimize başlygymyz biraz gatyrajyk zameçaniýa etdi indem onuň uzyn günki nastroeniýasy bozuldy. Gelen wagty ýylgyrypjyk gelipdi indi bolsa, oňünde her näçe maýmyn bolsaňam üýtgänok. Birhili obidny bolýa. Ýogsam gyzlar ondan beter biri-birine gygyrsalaram göwne degselerem kän gaty görülenok ýöne erkek adamyň sözi bize has güýçli täsir edýä. Goý şol saňa samsyk zat diýip seni oskorblýat’ edaýsin şonda-da her näçe ýüzüňe almasaňam, göwnüme alamok diýseňem ahyr soňy aňyryňda bir zatlar galэa.
Indi bolsa MASLAHAT :) (gülmäň how bu gyzlaň dünýäsi ahyry). Haýsydyr bir oglan göwnüňe degen wagty sesiňi çykarmanjyk otyrmalymy hemme zady içiňe salyp ýa-da özüni hem ony ýaralamalymy özündenem beter edip?!
Bir tarapdan sesiňi çykarman “it üýrer kerwen geçer” etseň kemem däl ýöne içiňden köplenç oňa aýtjak zatlaryňy aýdyp ýörýäň käwagt. Jogabyny berseň ol seň sözüňe degmese näme peýdasy bar. Ýa-da olar oglana bir sözi bilen seň mertebäňi depgiläp bilýä. Gyzlar bilen oglanlaryň gürlemeli gepleri bir däl gynansagam. Olar özüne gaty erbet sözlere hem rugsat edýäler. A biz?! Ýok. Onda näme ömür olaň gepine gulak asyp ýörmelimi?!
Подписаться на:
Сообщения (Atom)