19 авг. 2010 г.

yene-de yykyldym...

Hawa, bu yyl hem ugruna bolmady. Yyl yyldan umytlarym azalyp barya. Yykylan söweshden doymaz diyyäler welin, menä indi doydum. Indiki yyl synanshjakdäl. Okuwy gutaranyma 7 yyl boldy, henizem elimde kärim, okuwym yok. Shol tupoy bolup galmak yazylypdyr öydyän. Wah, nädip düshündirmeli, meñem okasym gelyä, bilimli bolasym gelyä. Men okadylmagyma mätäç ahry. Indiki yylam hökman durmusha çykararlar, ondan añyryk geçirmezler. Eysem köp zat islämoga men, diñeje bir okuw, gowja kärjagaz isleyän. A meñ 7 yylym boshuna geçdi. Durmusha çykmankam elimde hünärimiñ bolmagyny isleyädim birine mätäç bolmazym yaly, özbashdak biri bolarym yaly. Okuwsyz halyña birine durmusha çykyp nädip ishlejek diyjek? "diplomyñ barmy, näme basharyañ ishlär yaly" diyäyse duran yerimde öläymesem. Adam özüniñ bir zatlar basharyanyny duymasa, özüniñ jemgyyete gerek adamdygyny bilmese, öz-özüniñi oñaryp bilmese, dünyewi zatlardan habardar bolup gezmese... maldan näme tapawudy bolarka?! Ayal mashgalañ gerek mayda zatlaram köp bolya, ya joralarynyñ doglan gùn, toy, sadaka yaly yerlere gitmek üçinem her gezek adamsyndan pul sorap yörse yaman birhili. Bir mashgala pulam bir bolmaly welin, öz içki rahatlygyñ üçin señem hökman goshandyñ bolaymaly... Ay bashgada köplay ish, okuwyñ gerek yerleri. Tutush 1 yylyñ dowamynda yekeje mümkinçilik okuwa girmäge, olam her yyl puç bolya. Yenede öñki durmush dowam edyä. Hemisheki yaly egzamendan gaydyp yolda alleyalañ birine sowulup aglap içimi boshadyan. Öye gaytmaga hiç ayak çekenok, ol aralykda ejeñ, doganlañ, kakañ, joralaryñ, tanyshlaryñ näçe gezek jañ edendir. Hiçisi b/n gürleshesiñ gelenok we yagdayyñam yok. Öyede barasyñ gelenok, edil bir günä ish eden yaly utanç döreyä. Ahyry göz yashyñy süpürip öz yanyñdan yasama yylgyryañ, yuwashlyk b/n öye gelip derwezeden jyklayañ. Ejemjan tapchanda oturandyr garashyp. Gapydan giryäñ welin "geldiñmi, näme b/n gutlamaly" diyip yylgyrya. Wah ejejen seni shol pursat "gechdim, eje!" diyip yüzüñdäki yylgyryshyñ dowam etmegine sebäp bolsadym. "ay bolmady" diyyän, ejem özümden beter gynanya "indiki yyl yene synanshayarsyñda, gynanma" diyyä, "hawalay" diyip öye girsemem "indiki yyllar gutarman geçdile" diyyän. Öz jayyña geçip yatansyrarsyñ, yogsam egzamendan geçen yagdayyñda bolayjak zatlaryñ indi bolsa hiç wagt bolmajak zatlañ, gazanmazdan yitiren zatlaryñ hakda pikir edersiñ. Adam b/n gürleshesin gelenok ol günler. Shondada agshamlyk jañ edyänlere yeke-yeke geçmedigiñ hakda aytmaly. Shol pursat tanyshlaryñ bardygyna begenseñem bir tarapdan olar b/n sheyle yagdayymy paylashasym gelenok. Indi näme etmeli, näme b/n meshgullanmaly... 1 aydan soñ yene bir zatlara güymenip wagt her zady yer berer welin, edil shu wagt ähli zat bulam-bujar.

Комментариев нет: